Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurdow: Orsýetdäki ýagdaý öwerlikli däl


Orsýetiň strategik barlaglary institutynyň bilermeni Aždar Gurdow
Orsýetiň strategik barlaglary institutynyň bilermeni Aždar Gurdow
Orsýetde daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryna kömek etmek üçin nähili mümkinçilikler bar? Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Orsýetiň strategik barlaglary institutynyň bilermeni, kanuny öwreniji ýurist Aždar Gurdow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda Orsýetiň Federasiýa Geňeşinde geçirilen maslahatda türkmen-ors goşa raýatlygyna degişli sanlar yglan edildi. Şol sanlara görä, goşa raýatlaryň sany 130 müňden aşýar, ýylyň başyndan bäri olardan diňe 19 adam orsýet pasportyny tabşyrypdyr. Bu sanlar nämäni aňladýar?

Aždar Gurdow: Federasiýa Geňeşinde bolan şol maslahata Türkmenistanyň resmi wekilleri gatnaşmady, şonuň üçin berlen sanlar birtaraplaýyn bolup göründi. Emma Orsýetiň konsullyk gulluklarynyň yglan eden sanlarynda 100 müňden gowrak adam barada gürrüň gitdi. Bu bolsa uly tapawutly san.

Azatlyk Radiosy: Orsýet tarapynyň resmi maglumatlarynda 130 müňden gowrak adamyň ýarpysyna golaýynyň Türkmenistanda ýaşaýandygy aýdylýar. Olaryň arasynda orsýete göçüp gaýtmak islänler tapylsa, munuň üçin edil häir nähili mümkinçilikler bar?

Aždar Gurdow: Birinjiden, türkmen-orsýet goşa raýatlygy bolan admlardan näçesiniň Türkmenistandan göçüp gaýtmak isleýändigini anyklamaly. Meniň pirikimçe, şeýle adamlar köp däl. Sebäbi olaryň göçmegi üçin kanuna we ykdysdyýete degişli dürli kynçylyklar bar. Ilkinji nobatda ýaşaýyş jaý meselesi köpler üçin uly päsgelçilik döredýär.

Orsýetde göçýän adamlara ýardam bermek üçin bar bolan ýörite programmalar jaý meselesinde ýardam bermeýär. Programma laýyklykda adamlara Orsýetde ornaşmak üçin wagtlaýyn mümkinçilik doredilýär we käbir halatlarda jaý edinmek üçin bankdan karz pul almaga mümkinçilik döredilýär. Emma berilýän pul örän ujypsyz. Umuman, bu programma işlemäge ukyply adamlara we Orsýetiň zähmet bazarynda talap edilýän hünärli zähmet güyçlerine degişli.

Emma goşa türkmen-ors rayatlaryna gezek gelende, Türkmenistandan gaýtmak isleýän adamlaryň Türkmenistanda oz emlägini kadaly satmagyna degişli kynçylyklaryň hem ýüze çykmagynyň ähtimaldygyny aradan aýryp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Agzan programmaňyz Orsýete dürli ýurtlardan göçüp gelýän adamlara degişli. Orsýetde türkmen-ors raýatlaryna aýratyn şertleri döretmäge mümkinçilik barmy?

Aždar Gurdow: Orsýetde ýurduň daşary syýastynda gumanitar meselelere uly üns berilýändigi barada kop aýdylýar, emma iş ýüzünde Orsýetiň býurokratiýasy uly päslgelçilikleri doredýär. Häzirki wagtda Orsýetde 1990-njy ýyllaryň başynda gelip, henizem raýat statusyny tassykladyp bilmän kösenýän adamlar az däl. Jemgyýetçilik guramalary onlarça we hatda ýüzlerçe müň adamyň şeýle ýagdaýa düşendigini aýdýarlar.

Üstesine, Orsýetiň häzirki ykdysady ýagdaýy-da öwerlikli däl. Makroykdysady görkezijilere syn etsek, eksportdan gelýän girdejiler azalýar, inflýasiýa güýçlenýär, ýurduň altyn-walýuta rezerwleri köpelmeýär. Şeýle ýagdaýda Orsýetiň köp sanly adamlaryň göçmegi üçin ýörite programmany işläp düzjegine garaşyp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Siz goşa raýatlyk problemasynyň düýp sebäplerini nämede görýärsiňiz?

Aždar Gurdow: Häzirki wagtda emele gelen ýagdaý örän gelşiksiz. Bu ýagdaýyň döremegine Orsýetiňem,Türkmenistanyňam göze dürtülip duran konflikte şunça ýyllap göz ýumup gelmegi sebäp boldy. Esasy ýalňyş orsýet diplomatiýasy tarapyndan goýberildi.

1993-nji ýylda ylalaşyga gol çekilende, onuň durzulmagynyň düzgünleri işlenip düzülmelidi. Sebäbi konfliktli ýagdaýyň döremeginiň ähtimaldygyny hiç wagtda aradan aýryp bolmaýar. Emma şol ylalaşykda ”döräp biljek konfliktler diplomatik kanallar arkaly çözülmeli” diýlip görkezilipdi. 10 ýyl bäri dowam edýän konflikt şu formulirowkanyň netijesizdigini doly görkezdi.

Men kanuny öwreniji ýurist hökmünde şeýle pikir edýärin. Eger-de taraplar, [geljekde] konfliktli ýagdaýlar dörände jedeli çözmek üçin , taraplaryň nirä ýüzlenmelidigini kesgitlän bolsalardy, onda häzirki kynçylyklar döremezdi. Şeýlelikde ýalňyşlyklar hem Orsýet hem-de Türkmenistan tarapyndan goýberildi diýip hasap edýärin.
XS
SM
MD
LG