Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde dawaly kanun kabul edildi


Orsýetiň Döwlet Dumasy kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin “gomoseksual propaganda” diýip häsiýetlendirilýän zatlaryň ýaýradylşyna garşy türme tussaglygyny we pul jezasyny öz içine alýan kanuny kabul etdi.

Sişenbe güni bu kanun Orsýetiň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň 436-nyň hem ses bermegi bilen kabul edildi. Bu kanun adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan gomoseksuallary kemsitmegiň bir ýoly diýip tankyt edildi.

Şeýle-de, bu kanun orsýetlileriň, daşary ýurtly raýatlaryň we media guramalaryň kämillik ýaşyna ýetmediklere “Orsýetiň urp-adatyna gabat gelmeýän jynsy gatnaşyklary” ýaýratmagyny gadagan edýär.

Bu kanunyň ýola goýulmagynda esasy iş alyp baranlaryň biri hem Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maşgala, zenanlar we çagalar komitetiniň ýolbaşçysy Ýelena Mizulinadyr.

Mizulina, täze kanuny "orsýetli çagalary 'maşgala däplerine gabat gelmeýän' maglumatlardan goramagy maksat edinýän ýörite kanun" diýip atlandyrdy.

Agzalýan kanun bozulan halatynda, kanuny bozan adam 1 million ruble, ýagny takmynan 31 müň amerikan dollaryna çenli jezalandyrylyp bilner.

Sişenbe güni kanunyň soňky diňlenşigi gözden geçirilýärkä, Orsýetiň Döwlet Dumasynyň daşynda ýygnanyşan gomoseksuallaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän we hristian aktiwistleriň dargadylmagy üçin polisiýalar ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG