Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli aktiwiste gaçybatalga berildi


Orsýetiň daşky-gurşawy gorap çykyş edýän belli aktiwisti Suren Gazariana Estoniýadan gaçybatalga berildi.

Estoniýanyň habar serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni ýurduň ýolbaşçylary Gazariana üç ýyl möhletli ýaşamaga ygtyýarnama dokumentini beripdirler. Aktiwist Gazarian, soňky alty aý bäri agzalýan Baltik ýurdunda ýaşaýar.

Gazarian Orsýetiň oppozision dolandyryş geňeşiniň agzasy bolup, ol 2014-nji ýylda Soçide geçiriljek Gyşky olimpia oýunlarynyň gurluşyk proýektleri bilen baglanyşykly tokaýsyzlaşdyrmagy durdurmak ugrunda, soňky ýyllarda alyp baran işleri bilen metbugatyň baş sahypalarynda ýerleşdirilipdi.

2011-nji ýylda Gazarian we onuň guramasy Krasnodar Kraýynyň häkimliginiň golaýynda tokaýsyzşadyrmaga garşy geçirilen protestlere gatnaşypdy. Şol protestleriň netijesinde hem Gazarian birnäçe gün türme tussaglygynda saklanypdy.

Mundan bir ýyl ozal, Gazarianyň howpsuzlyk ofiserine ölüm bilen haýbat atandygy aýdylyp, ol barada derňewler başladylypdy. Şonuň netijesinde hem Gazarian Orsýeti terk edipdi.
XS
SM
MD
LG