Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa tele-radio gepleşiklerini ýatyrdy


Bergi krizisinden ejir çekýän Gresiýanyň hökümeti bir az bolsa-da pul tygşytlamak maksady bilen, döwlet tele-radio gepleşiklerini ýatyrdy.

Bu karar sişenbe güni giçlik döwlet telewideniýesinde berilen gysgaça duýduryş bilen yglan edildi. Şondan soň “Hellenic Broadcasting Corporation” diýip atlandyrylýan Gresiýanyň döwlet telewideniýesiniň gepleşikleri ýatyryldy.

Gresiýanyň hökümeti, ýurduň radio we telewideniýe edaralarynda işleýän 2500 töweregi işgäriň döwletiň beýleki kiçi edaralarynda işlemekleri üçin arzalaryny tabşyrmagyny sorady.

Şondan soň müňlerçe adam bu karary protest edip döwlet tele-radio merkeziniň öňüne ýygnandylar. Şeýle-de edaranyň žurnalistleri binany terk etmegi ret etdiler.

Gresiýanyň hökümetiniň metbugat wekili Simos Kedikoglu, tele-radio edarasyny puly biderek ýere sowmak, bidüzgünçilikli we eýeçiliksizlik diýip häsiýetlendirdi.

Maglumatlara görä, Gresiýa hökümeti tele-radio gepleşikleri üçin ýyllyk 300 million amerikan dollary harçlaýar.
XS
SM
MD
LG