Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk polisiýasy basyşyny dowam etdirdi


Türk polisiýasynyň wekilleri Taksim meýdançasynda, Stambul, 11-nji iýun, 2013.
Türk polisiýasynyň wekilleri Taksim meýdançasynda, Stambul, 11-nji iýun, 2013.
Geçen gije polisiýanyň we hökümete garşy proteste gatnaşýanlaryň arasynda bolan çaknyşyklardan soň dartgynly ümsümligiň emele gelendigi barada habar berilýär.

Maglumatlara görä, sişenbe güni agşam we çarşenbe güni irden polisiýa protestçileri Taksim meýdançasyndan kowmak üçin demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gazy, suw pürkýän gurallary we rezin oklary ulandy. Protestçiler muňa daş zyňmak, polisiýa garşy ”molotow kokteýli” diýlip atlandyrylýan partlaýjy maddalary ulanmak we feýerwerkleri partlatmak bilen jogap berdiler.

Çarşenbe güni polisiýa çekeleşikli meýdançany eýeledi. Protestçiler bolsa golaýdaky Gezi parkynda ornaşdylar.

Geçen gije bolan çakyşyklar 31-nji maýda hökümete garşy başlanan protestleriň dowamynda iň zorlukly gije diýlip atlandyryldy.

Protestçileriň arasyndaky ýaralananlaryň sany barada takyk maglumat berilmedi.

Resmi çykyşlar

Stambulyň häkimi Huseýin Awni Mutlunyň sişenbe güni aýtmagyna görä, polisiýa protestçileri kowmak boýunça geçiren operasiýalaryny dowam etdirmegi planlaşdyrýar. Stambulyň häkimi Taksim meýdançasy polisiýa tarapyndan doly eýelenýänça raýatlary ol ýere barmazlyga çagyrdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan öz hökümetine garşy çykyş edýän protestçilere “mundan beýläk çydamlylyk etmejegini” duýdurdy. Erdogan ýurtda dowam edýän protestleriň onuň hökümetine garşy dildüwşügiň bir bölegidigine özüniň ynanýandygyny ýene-de gaýtalady.

Protestleriň gidişi

Sişenbe güni Türkiýäniň paýtagty Ankarada hem täze protestleriň geçirilendigi habar berildi. Polisiýa ýüzlerçe müň demonstrantlary kowmak üçin olara garşy göz ýaşardyjy gazy we suw pürkýän gurallary ulanypdyr.

Stambuldaky dartgynlylyk sişenbe güni irden polisiýanyň ýüzlerçe wekilleriniň Taksim meýdançasyna eden hüjüminden soň hasam güýçlenipdi. Polisiýanyň geçiren bu operasiýasy protestçiler üçin duýdansyz hereket bolana meňzeýär. Emma günüň dowamynda protestçiler täze toparlara jemlenip, polisiýa garşylyk görkezip başlapdylar.

Häzirki protestler Rejep Taýyp Erdoganyň garşysyna onuň häkimiýet başyndaky on ýylynyň dowamynda bildirilýän iň güýçli närazylykdyr.

Protestler Taksim meýdançasynyň ýanynda ýerleşýän Gezi parkynda gurluşygyň geçirilmegine garşy çykyş eden aktiwistlere polisiýa tarapyndan gysyş görkezilenden soň başlanypdy.

Oppozision kampaniýa

Munuň yz ýany protestler has giňişleýin bir kampaniýa öwrüldi. Erdoganyň garşydaşlary bu çykyşlary ýurtda barha güýçlenýän awtoritar dolandyryşa we Konstitusiýanyň esasyndaky dünýewi ýurtda yslamyň konserwatiw gymmatlyklarynyň ornaşdyrylmagyna garşy kampaniýa diýip atlandyrýarlar.

Erdogan özüne garşy edilýän çykyşlary ret edýär we protestçileriň köpüsini huliganlar hem demokratiýanyň duşmanlary diýip atlandyrýar.

Soňky 12 günüň dowamynda çaknyşyklar zerarly dört adamyň heläk bolandygy we 5 000-e golaý adamyň ýaralanandygy barada habar berilýär.

Türkiýäniň NATO boýunça ýarany Birleşen Ştatlar dowam edýän krizis boýunça sişenbe güni täze beýannama ýaýratdy.

Ak Tam Türkiýäni “ýakyn dost” diýip atlandyrdy we Obamanyň administrasiýasynyň bu ýurtdaky ýagdaýlara “alada bilen syn edýändigini” mälim etdi. Beýnnamada Türkiýäniň hökümeti söz, graždanlaryň bileleşikleri döretmek we metbugat azatlyklaryny berjaý etmäge çagyrylýar.
XS
SM
MD
LG