Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly dissidente basyş edilýär


Hytaýly dissident Pekiniň basyşlary sebäpli şu aýyň ahyryna çenli uniwersiteti terk etmegi üçin Nýu-Ýork uniwersiteti tarapyndan özüne we onuň maşgalasyna basyş edilýändigini aýtdy.

Duşenbe güni ýaýradan beýanatynda Çen Guançen, Nýu-Ýork uniwersitetiniň özünden ýokary okuw jaýyny terk etmegini soramagy üçin oňa Hytaýyň kommunistik partiýasynyň “berk basyş” edendigini aýdýar.

Muňa garamazdan, Nýu-Ýork uniwersitetiniň metbugat wekili Çeniň aýyplamalaryny ret etdi.

Geçen ýyl kör aktiwist Çen Hytaýdaky öý tussaglygyndan gaçyp ABŞ-nyň Pekindäki ilçihanasyna barandan soň, ol iki ýurduň arasynda dartynly gatnaşyklaryň döremegine sebäp bolupdy.

Çen maşgalasynyň Hytaýda galan halatynda, olaryň howpsuzlygy barada alada edýändigini aýdan soň, Nýu-Ýork uniwersiteti onuň Birleşen Ştatlaryna ýerleşmegine kömek edipdi.
XS
SM
MD
LG