Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşardaky türkmenler: "Pasport derdiniň" dermany näme?


Türkmenistanyň baýdagyna bürenen siriýaly türkmen gyzjagazy
Türkmenistanyň baýdagyna bürenen siriýaly türkmen gyzjagazy
Türkmenistan ors-türkmen goşa raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylara 17-nji iýundan başlap Türkmenistanyň täze nusgadaky biometrik pasrortynyň berlip başlanýandygyny yglan etdi.

Ozal Türkmenistan Orsýet bilen baglaşylan goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak barada gelnen karara we Baş kanuna girizilen düzedişlere salgylanyp, Türkmenistanyň indiden eýläk goşa raýatlygy kabul etmeýändigini, goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli iki raýatlykdan birini saýlamalydygyny öňe sürüpdi.

Emma hukuk goraýjylaryň, raýat aktiwistleriniň, garaşsyz žurnalistleriň we käbir migrant işçileriň tagallalary, orsýetli resmileriň goşulyşmagy netijesinde, bu meselede türkmen häkimiýetleriniň pozisiýasyndan tapawutlanýan jemgyýetçilik pikiri döredi we ol resmi Aşgabat tarapyndan hem bölekleýin ykrar edildi.

Ýagny, diplomatiki çeşmelerden alnan maglumata görä, häzir diňe 2003-nji ýylyň 21-nji iýunyna çenli ors pasportyny alan we Türkmenistanda ýazgysy, propiskasy bolan türkmenistanlylara täze nusgadaky biometrik pasport berilýär, şondan soň ors pasportyny alanlar baradaky mesele bolsa açyklygyna galýar.

Resmi Aşgabadyň goşa raýatlygy bolanlara täze biometrik pasportyň berlip başlanýandygy barada anna güni ýaýradan beýanatynda bu talaplar barada hiç zat aýdylmaýar.

Görnüşinden, ýaşaýan ýeriňde hasaba alynmak, ýazgy ýa-da propiska meselesi türkmenistanlylaryň täze nusgadaky biometrik pasport almagynda hem bökdençlik döretjege çalym edýär.

Onsoň bu ýerde "Resmi Aşgabadyň goşa raýatlara pasport bermek barada eden 'eglişigi' bu hili ýagdaýdaky raýatlara, ýagny Türkmenistanda propiskasy ýok adamalara peýdasyzmy?" diýen sorag döreýär.

Şu çäklendirmeler, galyberse iş, okuw, durmuş meseleleri sebäpli, garaşsyzlyk ýyllarynda müňlerçe türkmenistanly daşary ýurtlara çykdy we şol ýerlerde ýaşamagyny dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşary ýurtly türkmenleriň köpüsi özleriniň watany mejbury ýagdaýda, ýurtdan emele gelen syýasy-ykdysady kynçylyklar sebäpli, wagtlaýyn terk edendiklerini, emma Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmändiklerini, şol bir wagtda çagalarynyň hem türkmen raýalygyndan ýüz öwürmek islemeýändigini aýdýarlar.

Mundan başga, Türkiýede, goňşy Eýranda, Özbegistanda, Owganystanda we beýleki ýurtlardda şol ýurtlaryň raýatlary bilen durmuş guran türkmenistanlylar hem bar. Olaryň käbiri Azatlyk Radiosyna hat ýazyp, telefon edip, özleriniň ata watanlaryna barmak, garyndaşlaryny görmek, yzlaryna dolanmak meselesinde bir topar soraglarynyň bardygyny aýdýarlar.

Bu soraglar garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň beýleki bir topar ýurtlaryna, Ýewropa, Birleşen Ştatlara, Kanada düşen türkmenlerde hem bar.

Täze biometrik pasport aljaklaryň öňünde goýulýandygy aýdylýan propiska talaby, galyberse, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň pasport bermekdäki kynçylyklary onlarça, belki-de ýüzlerçe türkmenistanla "dert" bolup biler diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen studentleriniň biri aýtdy.

Bu aladalar işini ýitirmezlik, ýa-da Türkmenistana gelenden soň yzyna gidip bilmezlik gorkusy sebäpli daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede galmagyny dowam etdirýän türkmenistanlylary hem örän biynjalyk edýär.

Umuman, Türkmenistanyň täze biometrik pasportyny gutarnykly güýje girizmegi ýurt içinde-de, ýurt daşynda-da on müňlerçe türkmenistanlynyň durmuşyna täsir ýetirjege meňzeýär.

Aýdaly, käbirleri “näme üçin diňe ors-türkmen goşa raýatlygy bolmaly-da, beýleki ýurtlarda ýaşaýanlara goşa raýatlyk berilmeli däl?” diýip sorasa, başgalary “näme üçin Türkmenistan öz daşary ýurtlardaky raýatlaryna eýe çykman, olary watanlaryndan daşlaşdyrjak zatlary edýär?” diýip soraýar.

Ýene birleri bolsa, “Başga ýerlerde, ösen ýurtlarda, ýurduň ykdysady abadanlygyny üpjün etmek üçin, ýylda daşary ýurtlardan emigrant kabul edilýär, biziň Eýranda, Owganystanda we beýleki ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenlere goşa raýatlyk bermek meselesine seretmegimize wagt ýetmedimi?” diýip soraýar.

Umuman, bu meselede her kimiň bir soragynyň bolmagy mümkin. Şeýle-de bu soraglara jogap hem dürli-dürli bolup biler. Ýöne "Iliň güýji – siliň güýji" diýipdirler, eger il-gün bolup pikir alyşsak, bu meselede dogry çözgüt tapylar we bu çözgütden hem türkmen döwleti, hem türkmenler bähbit tapar we güýçlener diýip pikir edýäris.

Eger şeýle bolsa, geliň pikir alşalyň: Daşardaky türkmenistanlylaryň “pasport derdiniň” dermany näme?

Pikirleriňize garaşýarys.

Biziň bilen

- skype (azatlykradiosy);


- Facebook (Azatlyk Radiosy);

- Vkontakte (Azathabar) arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG