Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet we ABŞ şertnama täzeleýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, ýadro materiallarynyň goragyny berkitmek we olary ýok etmek boýunça täze ylalaşyga gol çeker.

Iki lider bu täzeligi duşenbe güni, Demirgazyk Irlandiýada geçýän 8-ler toparynyň sammitiniň gapdalyndan yglan etdi.

Täze şertnama birinji gün möhleti gutaran köne şertnamanyň, 1992-nji ýyldaky ylalaşygyň ýerine baglaşylar.

Obama bu ylalaşygy “konstruktiw, hyzmatdaşlykly aragatnaşyk” alamaty hökmünde öwdi we munuň Birleşen Ştatlar bilen Orsýeti Sowuk uruş pikirlenişinden çykarýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG