Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Snowdene jenaýat aýyplamasy bildirildi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri bu ýurduň raýaty Edward Snowdene içalyçylyk işinde resmi aýyplama bildirip, Gon-Kongyň häkimiýetlerinden ony tussag etmeklikli sorady.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň ozalky işgäri Edward Snowden ýakynda Birleşen Ştatlarda telefonlara we internet maglumatlaryna gözegçilik etmek boýunça gizlinlik bilen alnyp barylýan programma baradaky maglumatlary jemgyýetçilige äşgär etdi.

Edward Snowden bu alnyp baylýan gizlin programmanyň raýatlaryň şahsy durmuşyna gatyşýandyny we munuň kanuna garşy gelýändigini aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň Federal prokuraturasynyň resmi aýyplamasynda oňa içalyçylykda, ogurlykda we gizlin maglumatlary meýletinlik bilen äşgär etmekde jenaýat aýyplamalarynyň bildirilýändigi aýdylýar.

30 ýaşly Edward Snowden geçen aý ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň Gawaýdaky edarasyny terk edip, Gon-Konga barypdy. Şol ýerde-de ol 9-njy iýunda Britaniýanyň “Guardian” gazetine beren interwýusynda özündäki bar bolan gizlin maglumatlary aýan edendigini boýun aldy.
XS
SM
MD
LG