Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Kran Montana” Berdimuhamedowa medal gowşurdy


Anna güni prezident G.Berdimuhamedow düýbi Şweýsariýada ýerleşýän “Kran Montana” forumynyň başlygy Žan-Pol Karteron bilen duşuşdy.

Bu gurama halkara derejesinde işewür toparlaryň, döwlet we hökümet resmileriniň arasyndaky dialoglaryň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça iş alyp barýar.

Anna güni “Kran Montana” forumynyň başlygy Žan-Pol Karteron Aşgabatda geçirilen giňeldilen hökümet maslahatyna-da gatnaşdy.

Bu maslahatda ol prezident G.Berdimuhamedowa “halkara hyzmatdaşlyklarynyň berkemegine goşan goşantlary hem-de bu ugurdaky tagallalary” üçin oňa öz guramasynyň ýörite altyn medalynyň gowşurylýandygyny yglan etdi.

Öz gezeginde prezident Berdimuhamedow bu sylagy Türkmenistanda amala aşyrylýan “düýpli özgerişlikleriň we konstruktiw daşary syýasatyň” halkara derejesinde ykrar edilmesiniň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG