Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Mejlisi täze kanunlara garady


Türkmenistanyň Mejlisiniň binasy. Aşgabat, oktýabr, 2012.
Türkmenistanyň Mejlisiniň binasy. Aşgabat, oktýabr, 2012.
Şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisi nobatdaky maslahatynda birnäçe möhüm kanunlaryň taslamalaryna garady. Garalan taslamalaryň hatarynda “Türkmenistanyň raýatlygy baradaky” kanunyň taslamasy-da boldy.

Bu kanunyň taslamasynda Türkmenistanyň raýatlygynyň esasy prinsipleriniň hem-de ony sazlaşdyryjy düzgünleriň şöhlelendirilendigi, şeýle-de raýatlyga eýe bolmaklygyň we raýatlykdan çykmaklygyň düzgünleriniň kesgitlenendigi aýdylýar.

Türkmen mediasynyň ýazmagyna görä, deputatlar bu kanunyň kabul edilmeginiň geljekde Türkmenistanyň raýatlygy bilen baglanyşykly meseleleriň ýurduň içinde-de, ýurduň daşynda-da oňyn esaslarda çözülmegine ýardam etjekdigini belläpdirler.

Mundan daşary, şenbe güni geçirilen maslahatda Mejlis “Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky” kanunynyň taslamasyna-da garady.

Adatdan daşary ýagdaýlar hem göz öňünde

Bu täze kanunda tutuş Türkmenistanyň territoriýasynda ýa-da onuň belli bir ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmekligiň şertleri hem-de döwlet we beýleki organlaryň, olaryň ýolbaşçylarynyň şeýle ýagdaýlardaky hukuk normalary kesgitlenilýär.

Şeýle-de, bu täze kanunda adatdan daşary ýagdaýlarda raýatlaryň we guramalaryň hukuklarynydyr azatlyklaryny çäklendiriji hem-de olara goşmaça borçlary ýükleýji aýry-aýry düzgünleriň girizilmegine-de ýol berilýändigi aýdylýar.

Bu täze kanun baradaky resmi maglumatda adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmeklige we ony saklamaklyga jogapkär subýektleriň hereketlerini anyk kesgitlemekligiň syýasy, tebigy, tehnogen we beýleki görnüşlerdäki garaşylmadyk hadysalara garşy göreşiň girewi bolup durýandygy nygtalypdyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň şenbe şünki maslahatynda “Döwlet ýaşaýyş jaý fondunyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak baradaky” kanunyň taslamasyna-da garaldy.

Mundan daşary, maslahatda “Türkmenistanyň zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky” kanunyň hem-de “Türkmenistanyň migrasiýa gullugy boýunça kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky” kanunyň taslamalaryna-da garalandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG