Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Siriýanyň dostlary” karar çykardy


Şenbe güni “Siriýanyň dostlary” diýlip atlandyrylýan topara girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri Siriýanyň oppozision söweşijilerine gyssagly harby goldaw bermek barada karara geldiler.

Kataryň paýtagty Dohada geçirilen bu maslahatda 11 ýurduň daşary işler ministrleri Siriýanyň oppozisiýasyna material we harby enjam taýdan goldaw bermek üçin her bir ýurduň aýratynlykda zerur çäreleri görmelidigini karar etdiler.

Olar muny Siriýanyň režiminiň hem-de onuň ýaranlarynyň rehimsiz hüjümlerine oppozisiýanyň garşy durup bilmegi üçin zerur diýip hasaplaýandyklaryny mälim etdiler.

Maslahatyň ahyrynda kabul edilen beýanatda bu ýurtlar Siriýanyň hökümet güýçlerine ýardam berýän Liwanyň “Hizbulla” toparynyň bu konfliktde oýnaýan roluny-da ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG