Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Montenegro: Ýol heläkçiliginde 13 adam öldi


Montenegro jülgesinde bolan ýol heläkçiliginde 13 adam ölüp, 32-si hem ýaralandy. Maglumatlara görä, ýol hadysasyna uçran awtobusda jemi 46 töweregi ýolagçy bolupdyr.

Montenegronyň içeri işler ministri Rasko Konjewiç, ýekşenbe güni bolan şol ýol hadysasynda ýaralanlaryň ýedisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.

Montenegronyň Kolasin-Podgorika ýolundan gidip barýan şol awtobus ýoluň gyrasyndaky demirlere çaknyşyp, Morako Kanýonyndan 30-40 metr aşak gaýdypdyr.

Konjewiç awtobusyň Ukraina däl-de, Rumynýa degişlidigini tassyklady. Ýol hadysasynda heläk bolanlaryň kimligi barada henize çenli maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG