Ýekşenbe güni Liwanyň Sidon şäherinde ýurduň harby güýçleri bilen sünni musulman ruhanylaryna eýerýänleriň arasynda çaknyşyklar boldy. Port şäheri Sidondaky şol çaknyşyklarda azyndan 12 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.
Agzalýan territoriýada sünni we şaýy musulman şöweşijileriň arasynda goňşy Siriýadaky konfliktler sebäpli geçen hepdeden bäri dartgynlyk dowam edýärdi.
Häzirki wagtda Liwanyň ýolbaşçylary çaknyşyklaryň soňuna ýetmäge synanyşýarlar.
Ýekşenbe günki çaknyşyklar harby barlag nokadynda polisiýanyň radikal ruhana eýeriji Şeýh Ahmet al-Assiri tusag etmegi bilen başlapdy.
Şondan soňra Assiriň tarapdarlary ar-almak üçin howpsuzlyk güýçlerine hüjüm edip, tutuş Liwandaky tarapdarlaryna köçä çykmaga çagyryş etdiler.
“Reuters” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, çaknyşyklarda on adam ölüp, 40-sy hem ýaralanypdyr.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!