Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Snowden Ekwadordan gaçybatalga sorady


Ekwadoryň daşary işler ministri Birleşen Ştatlaryň razwedka gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowdeniň öz ýurdundan syýasy gaçybatalga sorandygyny tassyklady. Snowden Waşington tarapyndan içalyçylyk aýyplamalary bilen gözlenýär.

Ekwadoryň daşary işler ministri Rikardo Patino duşenbe güni Hanoýda habarçylaryň öňünde eden çykyşynda, Snowdeniň eden haýyşy barada entäk hiç hili netijä gelinmändigini aýtdy.

Snowden ýekşenbe güni Gon-Kongy terk etdi we häzirki wagtda onuň Moskwanyň Şeremetewo aeroportynyň tranzit zonasyndadygyna ynanylýar.

Edward Snowden ABŞ-nyň raýatlaryň telefon we internet aragatnaşyklaryna gözegçilik ediji gizlin programmasy baradaky maglumatlary jemgyýetçilige äşgär edipdi.

Duşenbe güni Ak tam Moskwanyň Snowdeni Birleşen Ştatlaryna ugratmagy üçin “mümkin bolan ähli ýollara garamagyna” garaşýandygyny aýtdy.

Ak tamyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň metbugat wekili Keýtlin Haýden Snowdeniň ýurdy terk etmegine rugsat bereni üçin Gon-Kongyň we Hytaýyň dolandyryjylaryna diplomatik ýol bilen berk närazylyklaryny bildirendiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG