Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kalaşnikowyň saglygy barlanar


93 ýaşly Mihail Kalaşnikow Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi tarapyndan saglyk barlaglaryndan geçirilmek üçin Ižewskden Moskwanyň keselhanasyna äkidiler.

Mihail Kalaşnikow "AK-47" kysymly ýaragy oýlap tapypdy.

Orsýetiň Saglyk ministrliginiň resmileri ýekşenbe güni žurnalistlere beren maglumatynda, Kalaşnikowyň saglyk ýagdaýynyň aramdygyny mälim etdiler.

Kalaşnikowyň öýken ýollaryndaky näsazlyk zerarly kösenýändigi habar berilýär. Ol maý aýynda gysga wagtlaýyn Ižewsk keselhanasyna ýerleşdirilipdi.

Kalaşnikow oýlap tapan "AK-47" kysymly ýaragy üçin Sowet döwründe we Orsýetde ençeme sylaglaryň eýesi bolupdy. Onuň oýlap tapan bu ýaragy häzirki wagtda dünýäde iň giň gerimde ulanylýan ýaragdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG