Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent gyrgyz aktiwistini saklady


Gyrgyzystanly hukukçy aktiwist Toleken Ismailowa, Gyrgyzystanyň "Bir Dünýä" toparynyň lideri Daşkent aýeroportunda tussag edildi.

Ismailowanyň kärdeşi Dmitriý Kobak bu habary sişenbe güni irden yglan etdi, emma onuň näme üçin saklanandygyny bilmeýändigini aýtdy. Ismailowa telefon arkaly hat ýazyp, özüniň gara sanawda bolandygyny, polisiýanyň onuň deporatsiýa ediljegini aýdandygyny habar berdi.

Ismailowanyň gyzy Lira Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna Özbegistandaky gyrgyz ilçihanasynyň resmileriniň aýeroporta baryp, Ismailowanyň ýurda goýberilmezliginiň sebäbiniň düşündirilmegini talap edendiklerini aýtdy.

Ismailowanyň hukuk topary ozal "Korrupsiýa garşy raýatlar" diýlip atlandyrylýardy we öz ýurdunda hökümet bidüzgünçilikleriniň berk tankytçysy bolup durýar.
XS
SM
MD
LG