Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ors TW-sini ýazgarýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi metbugat üçin beýanat ýaýratdy.

Onda 23-24-nji iýunda Orsýetiň "Rossiýa 1", "Rossiýa 24" telekanallarynda efire berlen "Siriýa jihady oppozisiýany radikallara öwürýär" diýen gepleşikde ulanylan maglumatlaryň hakykata gabat gelmeýändigi aýdylýar.

Bu reportažda Türkmenistanyň raýaty diýlip görkezilýän Röwşen Gazakow barada gürrüň berilýärdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi munuň ýaly doly anyklanmadyk maglumata esaslanýan repotažlaryň pozitiw esasda ösýän ors-türkmen gatnaşyklarynyň ruhuna gabat gelmeýändigini, onuň žurnalistiki etikanyň iň ýönekeý kadalarynyň hem bozulmagy bolup durýandygyny, türkmen tarapynyň muňa tomaşaçylara nädogry maglumat berilmek synanşygy hökmünde garaýandygyny beýan edýär.
XS
SM
MD
LG