Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Däli: 'Aýdymçylara ölüm howpy abanýar'


Owganystanly türkmen aýdymçysy Amanylla Däli (merkezde).
Owganystanly türkmen aýdymçysy Amanylla Däli (merkezde).
Soňky döwürlerde Owganystan türkmenleriniň arasynda aýdym-saz bilen meşgullanýanlara dürli haýbatlaryň atylyp, howplaryň abanýandygy barada maglumatlar ýygy-ýygydan peýda bolýar. Şeýle ýagdaýa duçar bolanlardan birem estrada aýdymçysy Amanylla Däli.

Azatlyk Radiosy ýakynda, Owganystan türkmenleriniň meşhur aýdymçysy Amanylla Däli bilen bu ýurtda aýdymçy bolmagyň kynçylyklary, abanýan howplar we aýdymçylara garşy edilýän hüjümler hakynda söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Amanylla Däli bagşyçylyga haçan we nirede başladyňyz?

Amanylla Däli: Bagşyçylyga on iki ýaşymda tamdyra çalyp özüm başladym. Owganystanda bu ugurda bir kynçylyk bar. Ýagny bu ýerde bagşyçylyk öwredilýän bir ýer ýa-da okuw jaýy ýok. Owganystanyň Farýap welaýatyndaky ýagdaý barada aýdylanda bolsa, bu ýerde bagşyçylyga höweslenenleriň özleri aýdym-sazlary diňläp, öz-özleri öwrenýärler. Biz hem şolar ýaly öz-özümiz aýdym-saz diňläp öwrendik.

Azatlyk Radiosy: Amanylla Däli diňe estrada aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýärsiňizmi ýa-da halk saz gurallarynyň ýanynda bagşyçylyk edýän wagtyňyz hem bolýarmy?

Amanylla Däli: Men entäk türkmen halk aýdymlaryny dutarda aýdyp göremok.

Azatlyk Radiosy: Owganystanda türkmenleriň arasynda estrada aýdymçylaryna höwes hem isleg nähili?

Amanylla Däli: Soňky iki ýyldan bäri Owganystan türkmenleriniň arasynda esasanam Akja etrabynda, Farýap welaýatynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda toýlarda ol-a estrada ekeni aýdym-saz etmeklik hem galyp barýar.

Azatlyk Radiosy: Amanylla Däli diňe Owganystan türkmenleriniň arasyndamy ýa başga ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň ýa-da beýleki halklaryň arasynda hem çykyş edýärsiňizmi?

Amanylla Däli: Mundan alty aý öň Türkmenistandan çakylyk geldi. Şonda Owganystan türkmenlerinden dokuz sany aýdymçy hem bagşy bolup Türkmenistana gitdik. Golaýda Stambulda çykyş etmäge çagyryldym. Meni Türkiýede okaýan Owganystan türkmenleriniň talyplary Stambulda çykyş etmäge çagyrdylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana eden saparyňyzyň täsirleri barada gürrüň beräýseňiz? Birinji gezek gidişiňizmi ýa öňem gidipdiňizmi?

Amanylla Däli: Türkmenistana ilkinji gezek gidişimdi. Türkmenistana baranymda ýeri gujaklap aglasym geldi. Sebäbi, ol ýer meniň ata-babalarymyň göbek ganynyň daman ýeri. O taýda mende düýbünden başgaça duýgular peýda boldy.

Biziň ata-babalarymyz Türkmenistandan Owganystana geçen. Şonuň üçin Türkmenistana baranymda mende gowy duýgular döredi. Türkmenistanyň halky gaty gowy garşy aldylar.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmenlerde hem şeýle estrada aýdymçylaryň bardygyny görüp, begenip, hasam buýsandylar. Şu wagda çenli bihabar bolandyklaryny nygtap, mundan beýläk geçiriljek toý-dabaralara bizi hem çagyrjakdyklaryny aýtdylar. Türkmenistanda doganlarymyz çykyşlarymyza alkyş bilen baha berdiler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistany görmänkäňiz bar bolan duýgularyňyz bilen baranyňyzdan soňky dörän duýgularyňyzyň arasynda tapawut boldumy?

Amanylla Däli: Elbetde uly tapawut döredi. Biz Owganystanda ýaşap ýören ýerimizde Türkmenistany diňe tele-kanallarda görýärdik. Emma, özüne baran mahalymyz has başgaça begenç döredi we gaty buýsandyk. Türkmenistanda aýdymçylara we bagşylara gaty uly hormat goýulýan ekeni.

Sungat işgärlerine halk alkyş aýdýar ekeni. Şonuň üçinem Türkmenistany has başgaça haladyk. Gynansagam bärde Owganystanda aýdymçy hökmünde biziň ýaşaýşymyz gaty kyn. Häzirki döwürde bu ýerde bagşy bolup ýaşamaklyk kynlaşdy. Arkaýyn hereket edip bilemizok. Özbaşdak aýdym öwrenip bilemizok. Aýdym-saz eserlerimizi taýýarlap bilemizok.

Owganystanly türkmen aýdymçysy Amanylla Däli (sagda).
Owganystanly türkmen aýdymçysy Amanylla Däli (sagda).

Azatlyk Radiosy: Şu wagda çenli söhbetdeşlik geçiren Owganystan türkmenlerimiz halk arasynda ylaýta-da estrada aýdymlaryna has köp üns berilýändigini nygtapdy. Siz bolsa häzir Owganystanda aýdymçy bolmaklygyň hasam kynlaşandygyny aýdýarsyňyz. Muňa nähili düşünmeli?

Amanylla Däli: Owganystanda Habybulla Hemkär bilen Amanylla Däli ýaly estrada aýdymçylary öň köp toýlara gatnaşýardylar. Marçakdan başlap Gunduz, Kabulda, Mazary-Şerifde, Şybyrganda, Farýabyň özünde ýagny türkmenleriň ýaşaýan hemme ýerlerinde biz toýlara gatnaşýardyk.

Ýöne gije ýolumyza çykyp atdylar. Öýlerimize gelip urdular. Ynha şeýdip bize aýdym aýtmagy goýdurdylar. Şonuň üçinem her bir aýdymçy hem bagşy gaçyp bilen ýerine çenli gaçyp ýör. Şular ýaly biz häzir Owganystanda sazam çalyp bilemizok.

Azatlyk Radiosy: Aýdymçylara hem bagşylara garşy Owganystanda şeýle howplary kimler salýar ýa-da döredýär?

Amanylla Däli: Doly biljek däl. Ýöne men oýlanyp görýärin. Başga halklardan däl-de göwnüme bolmasa ýene öz türkmenlerimizden şeýle howp gelýän ýaly bolup dur. Şeýle ýagdaýda Owganystandaky halkyň estrada aýdymçylary islemeýändigi bolýar. Bolmasa gije aýdymçylaryň öňünden çykyp haýbat atýanlara çäre görerlerdi. Gynansagam öz türkmenlerimiz atýar we urýar.

Azatlyk Radiosy: Näme Owganystanda estrada aýdymy aýtmaklyk we toýda çykyş etmeklik günä hasaplanýarmy ýa-da näme sebäpden aýdymçylara şeýle howp abandyrýarlar? Bu ýagdaý näme bilen baglanşykly bolup biler?

Amanylla Däli: Men bu ýagdaýa düşünip bilemok. Ýöne Owganystan türkmenleriniň arasynda aýdymçylaryň islenmeýändigini bilýärin. Gynansagam Owganystan türkmenlerinde aýdymçylara garşy düşünjeler bar.

Ýagdaý şeýle bolan soň ynha men we özüm ýaly beýleki bagşylar ýigrimi aýdan bäri toýlarda çykyş edip bilemizok. Bu sebäpdenem özümiz başga işler bilen meşgullanýarys. Şu wagtky aýdymçylara we bagşylara görkezilýän garşylyk şeýle dowam etse, onda golaýda Owganystanda aýdymçylar ýitip, ýok bolup gidermikä diýýärin.

Azatlyk Radiosy: Wezipeli adamlar ýa-da halkyň ýaşululary aýdymçylara eýe çykmaýarmy, kömek etmeýärmi?

Amanylla Däli: Olar esasanam estrada aýdymçylaryny halamaýarlar. Owganystanda türkmenleriň ýaşulysy ýaly ýaşkiçisem aýdymçylary gowy görenok. Uzakdan seredýän adama hakykatlar edil bolşy ýaly görünmän hem bilýär.

Men Amanylla Däli adyny hemme zady çekinmän gönümel aýdýandygym üçin alandyryn. Ýeke-täk tamamyz daşary ýurtlardaky ildeşlerimiziň we janköýerlerimiziň goldawlary. Şu wagta çenli türkmeniň bir wekiliniň ýa-da baýynyň kömegi bilen hiç ýere, toý-dabara gatnaşmadym. Bilinäýmeli bir zat bolsa men bilmelimikäm diýýärin. Sebäbi on iki ýyllap men aýdymçylyk etdim.

Azatlyk Radiosy: Owganystanda aýdymçylara garşy çykylmagynyň nähili sebäbi bolup biler? Munuň sebäbi dinmi ýa-da syýasatmy? Bu barada siziň pikiriňiz näme?

Amanylla Däli: Elbetde munuň dini sebäbi hem bar. Ýöne has köp yzagalak düşünjeleriň täsiri bolýar. Bir halkyň dili bolmasa oňa hak diýip bolmaýar. Diliň çeşmesiniň sakasy bolsa onuň aýdymdyr-sazy. Sebäbi dünýäniň ýüzünde öz dilindäki aýdym-sazlar saýrap dursa ol hemmeleriň ünsüni özüne çeker. Aýdym-sazyň türkmen diliniň tanalmagyna hem çäksiz goşandy bardyr.

Azatlyk Radiosy: Amanylla Däli, dünýä türkmenlerine nähili aýtjak sözleriňiz bar?

Amanylla Däli: Dünýä türkmenleri üçin ýüregimdäki arzuwym, birek-bireginden habardar bolmagy. Diňe bir aýdymçydyr-bagşylaryna däl, eýsem beýleki zehinli adamlaryna, pälwanlaryna hem eýe çykmaklaryny we kömek etmeklerini arzuw edýärin. Şundan başga arzuw-islegim ýok.

Azatlyk Radiosy: Amanylla Däli siziň estrada aýdymçylygyňyzyň ýanynda şahyrlygyňyzam bar diýip eşitdik. Şahyrlyga nähili başladyňyz?

Amanylla Däli: Köp ýyllap dürli şahyrlaryň goşgularyny aýdym edip aýdyp ýöremsoň özümde hem şahyrlyk duýgylary döredi. Şolaryň ylhamlary aňymda galyp, şeýdip goşgy ýazmaga başladym. Söhbetimi goşgularymyň biri bilen tamamlaýaryn:

Men bir däli men,
Men diwana men.
Halkam däli diýýär,
Ýok-ýok, dana men.

Galmady, ata-babam gitdiler,
Bir gelmez, uzak menzil ýetdiler,
Bir gün sen gidersiň, eý, Däli,
Gitjegiň belki bu göwnüň biler.

Bu dilden aýt, kimiň bar habary,
Gije-gündiz çekýan ahy-zary,
Ýagşa ýol ýok, ýamana ýol açyk,
Şondam men şu dünýäniň bizary.

Men bir däli men,
Men diwana men.
Halkam däli diýýär,
Ýok-ýok, dana men.
XS
SM
MD
LG