Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ponomarýow: 'Olar ýitilik bilen ýençdi...'


Lew Ponomarýow polisiýanyň gazaplylygyny gürrüň berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:06 0:00

Lew Ponomarýow polisiýanyň gazaplylygyny gürrüň berýär

Adam hukuklary boýunça tanymal aktiwist Lew Ponomarýow öten hepdede öz Moskwadaky býurosyndan zor bilen çykarylanda ýaramazlaşan saglygynyň indi birneme gowulaşýandygyny aýdýar. Hökümete tankydy garaýan guramalara edilýän basyşlar Orsýetde häzirki wagtda-da dowam edýär.

72 ýaşly Ponomarýow näbelli adamlar tarapyndan býurosyndan süýrelip çykarylanda, bedeniniň ençeme ýeri çişip, derisiniň sypjyrylandygyny, bu admlaryň özüni urup-dependigini aýdýar: "Gije 'Tiz kömek' maşyny bilen meni gyssagly syrkawhana getirdiler. Ençeme ýerim çişip, gan-gabarçyk bolandygy barada lukmanlardan kagyzym bar. Ýaralaryň üçüsi kellämde, biri gözümde, ony özüňiz şu wagt hem görýänsiňiz. Boýnumda sypjyrylan ýerler, ýeňsämde we gursagymda hem çişler bar. Olar meniň edil böwregime depdiler".

Mundan öň

Ponomarýowyň aýtmagyna görä, 21-nji iýunda polisiýa onuň guramasynyň býurosyna gelip, işgärlere jaýyň boşadylmalydygyny aýdypdyr. Ýöne jaýdan mejbury çykarylmak barada haýsydyr bir order görkezmändir.

Ponomarýow bilen beýleki alty adam býurony terk etmekden boýun gaçyranyndan birnäçe sagat soň, öýlän takmynan sagat ikide bir topar adam gelip, býuro hüjüm edipdirler.

Aýdylyşyna görä, polisiýanyň gözüniň alnynda bu adamlar olary köçä taşlap, gapylaryň gulplaryny çalşyrypdyrlar.

Moskwanyň polisiýa edarasynyň aýtmagyna görä, jaýy boşatmak baradaky görkezme şäher häkimliginden gelipdir. Bu buýrugy bir hususy howpsuzlyk kompaniýasynyň işgärleri ýerine ýetiripdirler.

Moskwanyň şäher häkimiýetleri hökümete degişli däl bu guramanyň kireýe alan binasynyň ulanyş möhletiniň ýanwar aýynda soňlanandygyny aýdýarlar. Ýöne Ponomarýow öňki ýyllardaky ýaly bu gezek hem bu möhletiň uzaldylmagyna garaşandygyny, jaýdan mejbury çykarylmak barada hem suddan order bolmalydygyny belleýär.

Mümkin sebäpler

Ol özleriniň jaýdan çykarylmagynyň Putiniň administrasiýasynyň işgärleri tarapyndan ýola goýlandygyna ynanýar. Ponomarýowyň pikiriçe, bu onuň toparynyň şu ýylyň başlarynda geçirilen barlaglarda islenen dokumentleri prokurorlara bermekden boýun gaçyrandygy sebapli öç almak üçin edilen iş.

Bir jedelli täze kanun boýunça "syýasy taýdan işjeň" we daşary ýurtlardan maliýe kömegini alýan hökümetden aýry guramalar özlerini "daşary ýurtlaryň agenti" diýip hasaba aldyrmaly. Bu kanun Orsýetde hökümete degişli däl ýüzlerçe gurama, şol sanda Ponomarýowyň toparyna-da degişli bolýar.

Toparlaryň aglabasy bu talaby ýerine ýetirmekden boýun gaçyrdylar.

Milliarder Mihail Prohorow, 25-nji iýunda, sişenbe güni, Ponomarýow bilen duşuşanyndan soň bu toparyň jaý kireýini özüniň tölejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG