Çarşenbe güni Pakistanyň Karaçi şäherinde ýol ugrunda goýlan minanyň partlamagy netijesinde ýerli sudýa Makbul Bakir agyr ýaralanyp, onuň goragçylaryndan azyndan ýedisi öldi. Bu partlamada ýene azyndan dokuz adamyň ýaralanandygy habar berilýär.
Bu wakanyň yzy bilen hüjümiň jogapkärçiligini Pakistanyň Talyban topary öz üstüne aldy we muny sudýa Makbul Bakiriň söweşijilere garşy çykaran we “yslam dinine laýyk gelmeýän” hökümleri üçin görlen çäre hökmünde häsiýetlendirdi.
Talyban topary öz beýanatynda çarşenbe güni Pakistanyň demirgazyk regionynda amala aşyrylan başga-da iki sany hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.