Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konsorsium “Nabukkodan” ýüz öwürdi


Awstriýanyň “OMV” energiýa kompaniýasy Azerbaýjanyň “Şa deňiz-2” energiýa ýatagyny özleşdirmek boýunça iş alyp barýan “NabukkoWest” energiýa konsorsiumynyň “Nabukko” truboprowodyndan peýdalanmajakdygyny yglan edendigini mälim etdi.

Awstriýanyň “OMV” energiýa kompaniýasy “NabukkoWest” energiýa konsorsiumynyň esasy partnýorlaryndan biri hasaplanylýar.

Bu kompaniýanyň aýtmagyna görä, “NabukkoWest” energiýa konsorsiumy Azerbaýjanyň “Şa deňiz” ýatagynda özleşdirjek gazyny başga bir alternatiw geçiriji arkaly Ýewropa akdyrar.

Ekspertleriň pikiriçe, munuň özi bu konsorsiumyň öz gazyny has gysga we arzan gaz truboprowody hasaplanylýan Trans-Adriatik truboprowody arkaly akdyrjakdygyny aňladýar.

Şu günki güne çenli “Nabukkony” gaz bilen üpjün etjek esasy çeşmeler Kaspi deňziniň astyndan çekilmegi göz öňünde tutulýan Transkaspi proýekti hem-de Azerbaýjanda özleşdirilýän gaz ojaklary hasaplanylýardy.

Indi Azerbaýjanyň “Şa deňiz” energiýa ýatagyny özleşdiriji konsorsiumyň “Nabukko” geçirijisinden ýüz öwürmegi bilen, tutuş “Nabukko” proýektiniň durmuşa geçmek meselesi uly sorag astyna düşýär.
XS
SM
MD
LG