Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibir: Dikuçarda 19 adam öldi


Orsýetiň Sibirdäki Sahalin-Ýakutiýa respublikasynda wertolýot ýykylyp, azyndan 19 adam öldi.

Orsýetiň graždan awiasiýasy komissiýasy "Mi-8" dikuçarynyň sişenbe güni, ýykylanyndan soň ot alandygyny habar berýär.

Onuň üstünde 25 adam we üç sürüji bar eken. Ilki bu hadysada 19 adamyň ölendigi barada habar berildi.

Emma "Itar-Tass habar" gullugy biraz soň, regional hökümet resmisine salgylanyp, 23 adamyň ölendigini, 5 adamyň, şol sanda bir çaganyň aman galandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG