Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Oppozisiýa bir kandidat belledi


Azerbaýjanyň syýasy oppozisiýa toparlary oktýabrda geçjek prezident saýlawlaryna bir kandidat çykarmak boýunça ylalaşyga geldiler.

Demokratiki güýçleriň Milli geňeşiniň sişenbe güni geçirilen ýygnagynda tanymal kinossenariçi Rustam Ibragimbekow oppozisiýanyň adyndan bäsleşige çykmaly edildi.

Şeýle-de ýygnakda geçiş döwrüni kesgitleýän jarnama kabul edildi. Ol jarnamada eger saýlansa, oppozisiýanyň kandidatynyň iş başynda diňe iki ýyl galmalydygy aýdylýar.

Şu döwrüň içinde Milli geňeş konstitusiýa we saýlaw reformalaryny geçirmek üçin “milli ynam hökümetini” döreder.

Azerbaýjanyň dolandyryjy partiýasy bolan “Täze Azerbaýjan” iş başyndaky prezident Ylham Alyýewi kandidat belledi.

Alyýew 2003-nji ýylda, öz kakasynyň ýerine prezident bolaly bäri ýurdy dolandyrýar.
XS
SM
MD
LG