Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda polis aýal öldürildi


Günorta Owganystanda ýokary wezipeli polis resmisi bolup işleýän aýal öldürildi.

Resmiler Yslam Bibiniň Helmand welaýatynda polisiýada işleýän iň uly derejeli zenan bolandygyny aýdýarlar.

Ol welaýat paýtagty Laşgar Gahda, penşenbe güni öldürildi.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Omar Žwak Bibiniň öz giwisi bilen işe barýan wagty atylyp öldürilendigini aýtdy.

Ol 37 ýaşly enäniň hassahanada ýogalandygyny, emma onuň giýewisiniň aman galandygyny hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG