Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Katadany deportasiýa edýär


Britan gazetleri radikal yslamçy ruhany Abu Katadanyň Britaniýadan Iordaniýa iberiljegini aýdýarlar.

"Times" şenbe güni Katadanyň ýekşenbe güni yzyna ugradyljagyny aýtdy.

Bu onuň öz ýurdunda sud öňünde jogap bermegi üçin hökümet tarapyndan sekiz ýyllap edilen tagallanyň netijesidir.

Iordaniýa tarapyndan terrorçylykda aýyplanýan Katada, "Times" gazetiniň ýazmagyna görä, ýörite harby uçar bilen ýurduna gaýtarylar.

"Telegraph" gazeti onuň ýanynda Iordaniýanyň adam hukuklaryny goraýan guramalarynyň gözegçileriniň hem boljagyny ýazýar.

Britan resmileri entek bu habar barada hiç zat aýtmadylar.

Katada bir zaman ispan sudýasy tarapyndan "Osama bin Ladeniň Ýewropadaky sag goly" hökmünde häsiýetlendirilip, 2001-nji ýylda birinji gezek tussag edileli bäri ençeme gezek türmä girip-çykdy.

Ol geçen ýylyň martynda, girew şertlerini bozany üçin, yzyna türmä salnypdy.
XS
SM
MD
LG