Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ozalky resmi Fransiýada tutuldy


Fransuz polisiýasy galplyk derňewiniň çäginde Moskwanyň ozalky regional maliýe ministrini tussag etdi.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi Alekseý Kuznesowyň Fransiýada Orsýetiň talaby esasynda tussag edilendigini aýtdy.

Ol 3.5 milliard rubl ýa-da 105 million amerikan dollary möçberindäki galplyk, ogurlyk we bikanun gazanylan pullary kanunlaşdyrmak bilen bagly gözlenilýärdi.

Kuznesowyň günorta Fransiýada ele salnandygy aýdylýar.

Ol Orsýeti 2008-nji ýylda terk edipdir. Ol 2012-nji ýylyň noýabrynda halkara polisiýasynyň, Interpoluň gözleýän adamlarynyň sanawyna goşulypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG