Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew bilen Putin duşuşdy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Gazagystanyň paýtagty Astanada duşuşyp, Ýakyn Gündogardaky wakalar barada pikir alyşdy.

Prezident Nazarbaýew “Müsürde ýa Siriýada bolýan zatlary görýäňizmi, doly ýaragly konflikt. Bu meseleleriň hemmesi bizi-de gös-göni alada goýýar” diýdi.

Prezident Putin bolsa, “Siriýa bireýýäm raýat urşuna gaplandy. Gynançly ýeri, Müsür hem şu ýoldan barýana çalym edýär. Men müsür halkynyň şunuň ýaly ters tendensiýadan sowlup bilmegini arzuw edýärin” diýdi.
XS
SM
MD
LG