Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Terror: Abu Katada bigünädigini aýdýar


Radikal yslamçy Abu Katada
Radikal yslamçy Abu Katada
Radikal yslamçy ymam Abu Katadanyň aklawçysy öz müşderisiniň Iordaniýada bildirilen terror aýyplamalaryna özüniň bigünädigini aýdyp jogap berendigini aýtdy.

Katada ýekşenbe güni Britaniýadan öz dogduk ýurduna, özüne bildirilýän aýyplamalara sud öňünde jogap bermek üçin iberildi.

Katadanyň akllawçysy Taýsir Diab Ammanda, Iordaniýanyň döwlet howpsuzlyk sudunyň daş işiginde şeýle diýdi:

"Şu gün baş prokuror ondan sorag etdi we oňa garşy bir topar aýyplama bildirdi. Prokuror ony terror hereketlerine gatnaşmak üçin dildüwşik etmekde aýyplady. Meniň müşderim bu aýdylýan zatlaryň ählisini inkär etdi. Şeýle-de öl özüniň Iordaniýa dolanmagynyň öz erkine däldigini, maşgalasy bilen bile bolmak üçin gelendigini aýtdy. Bu prosedura kadaly geçirildi we oňa dürs çemeleşildi."

Katadanyň aklawçysy Taýsir Diab öz müşderisini girew astynda azat etmäge çalyşjagyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Resmi aýyplamalar

Katada ýekşenbe güni irden, iordan prokurory tarapyndan iki sagat çemesi sorag edileninden soň, oňa resmi aýyplama bildirildi.

Ol 1999-njy ýylda Ammandaky amerikan mekdebine garşy, 2000-nji ýylda bolsa, Iordaniýadaky Täze ýyl baýramçylygynda amerikan we ysraýyl turistlerine garşy terror hüjümlerini etmek barada dil düwüşmekde aýyplanýar.

Iordan sudy Katada bu aýyplamalar boýunça baryp 1999-njy ýylda, gaýybana sud edip, ömürlik tussaglyk hökümini çykarypdy. Ýöne ol höküm häzir täze sud seljerişligi sebäpli togtadyldy.

Harby prokuror 53 ýaşly Katadanyň, soragyň dowam etdirilmegi üçin, 15 günläp tussag astynda saklanjakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Katadanyň Ammanyň çetindäki Muwakar türmesinde saklanjagyny habar berdi.

Gynag howatyrlanmalary

Britaniýa Katadany ýekşenbe güni irden ýurtdan çykardy, bu Londonyň ony on ýyla golaý öz ýurduna, sud öňünde jogap bermäge ibermek üçin eden tagallasynyň netijesi boldy. Britan prokurorlary ony Al-Kaýdanyň ýerine ýetirijisi hökmünde häsiýetlendirdiler.

Britan hökümetleri Palestinada doglan Abu Katadany, çyn ady Omar Mahmour Mohammed Osman, yzyna ibermäge 2001-nji ýyldan bäri synanýardylar. Emma sudlar onuň gynag astynda beren görkezmeleriniň özüne garşy ulanylmagyndan howatyr edip, muňa garşy bolýardylar.

"Adalatyň ýeňşi"

Emma geçen aý Iordaniýa bilen Britaniýa gynag astynda alnan subutnamanyň ýuridiki güýjüni gaçyrýan şertnamany tassyk etdiler we bu ýagdaý onuň yzyna ugradylmagyna ýol açdy.

Britan premýer-ministri Deýwid Kameron ýekşenbe güni Londonda Katadanyň deportasiýa edilmegi adalatyň ýeňşi boldy diýdi:

"Bu adamyň bu ýerde bolmaga haky ýok, ol biziň ýurdumyza bir howp boldy. Biz ony yzyna ugratmak isledik. Biz munuň hötdesinden geleris diýdik. Biz munuň hötesinden geldik we men bu hakykatdan hem gowy habar diýpip pikir edýärin."
XS
SM
MD
LG