Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet internetde töhmete garşy göreşýär


Orsýetiň Konstitusion sudy internet saýtlaryň eýeleriniň we guramaçylarynyň töhmet atyjy maglumatlary ýok etmelidigini aýdýar. Munuň üçin suduň permany bolmaly.

Sankt Peterburgda ýerleşýän Konstitusion suduň sişenbe güni çykaran kararyna görä, saýtlarda raýatlary şahsy taýdan kemsidýän maglumatlar üçünji bir tarapdan çap edilen hem bolsa bu maglumatlary aýyrmak jogapkärçiligi saýtyň administrasiýasynyň boýnuna düşýär.

Suduň karary diňe habar serişdelerine degişli websaýtlar bilen çäklenmän, ähli internet sahypalara degişli bolup durýar. Bu kararyň 2009-njy ýylda bir raýatyň internet forumda öz suratlarynyň bidin ýerleşdirilmeginden eden arz-şikaýatyna jogap bolup durýandygy aýdylýar.

Kararyň kabul edilmegi orsýet hökümetiniň söz azatlygyny çäklendirmek boýunça synanyşyk edýän döwrüne gabat gelýär.
XS
SM
MD
LG