Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stawropolda hijap gadagançylygy güýjünde galdy


Russiýanyň ýokary sudy ýurduň Stawropol sebitinde yslamy baş örtgülerine ýa-da hijaplara bolan gadagançylygy öz güýjünde saklady.

Stawropol sebitinde ýaşaýan musulman maşgalalaryň aklawçysy Myrat Musaýew suduň çarşenbe güni çykaran kararyna şikaýat etmekçidigini aýtdy.

Geçen güýzde Stawropolyň häkimi ýerli mekdepler üçin ýörite okuw formasyny girizipdi. Oňa görä mekdebe dini lybaslarda gelmek gadagan edilýärdi. Munuň netijesinde käbir musulman maşgalalary hijap geýýän gyzlarynyň mekdebe goýberilmändiginden şikaýat edipdiler.

Stawropolyň regional sudy mekdep formasynyň girizilmegi kanuny diýip karar çykarypdy.

Stawropol sebiti aglaba musulmanlaryň ýaşaýan Çeçenistan, Dagystan respublikalary bilen serhetde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG