Ukrainanyň oppozision deputatlary Kiýew şäher geňeşini “bikanun” diýip atlandyryp, onuň işini petiklediler.
Penşenbe güni agzalýan geňeşiň edarasynyň öňünde 500 töweregi oppozision aktiwist howpsuzlyk işgärleri bilen ýakalaşdy.
Şondan soň oppozision “Reformalar üçin Ukrainanyň demokratik birleşigi”, “Batkiwşçyna” ýagny “Atawatan” we “Swoboda” ýagny “Azatlyk” partiýalarynyň parlamentdäki deputatlary zorluk bilen edaranyň içine girdiler.
Oppozisiýa Kiýew şäher geňeşi we Kiýewiň häkimi wezipesi üçin saýlawlaryň şu ýyl geçirilmegini talap edýär.
Häzirki wagt hereket edýän geňeşiň möhleti bolsa resmi taýdan iýun aýynda tamamlanypdy.
Ukrainada agzalýan ugurdaky saýlawlar 2008-nji ýylda geçirilipdi. Korrupsiýa baradaky aýyplamalar sebäpli, şol saýlawlar planlaşdyrylandan iki ýyl öň geçirlipdi.
Mundan ozalky saýlawlaryň ir geçirilendigine garamazdan, maý aýynda Ukrainanyň konstitusion sudy şäher geňeşiniň nobatdaky saýlawlarynyň 2015-nji ýylda geçiriljekdigi hakynda karar çykardy.
Şeýle-de Kiýew şäheriniň häkimi Halina Hereha indiki saýlawlara çenli agzalýan geňeşiň güýçde galjakdygyny habar berdi.