Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Snowden: Obama we Putin pikir alyşdylar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginde amerikan ýörite gulluklarynyň öňki işgäri bolan häzir gaçyp gizlenýän Edward Snowdeniň işini maslahat etdiler.

Anna güni Ak Tam ABŞ-nyň Orsýete çagyryş edip, Snowdene gaçybatalga berilmeginiň onuň üçin “propagandasy üçin esas” bolup biljegini duýdurdy.

Anna güni Snowden Orsýetden gaçybatalga almaga çalyşýandygyny yglan edipdi. Snowden Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bilen duşuşdy. Ol 23-nji iýunda Gong Kongdan geleli bäri bu ýerde galýar.

Obamanyň administrasiýasy Orsýetden Snowdeni Birleşen Ştatlara bermegi talap edýär we onuň öz ýurdunda jenaýat sudunyň öňünde jogap bermelidigini aýdýar. Milli howpsuzlyk agentliginiň öňki işgäri Edward Snowden ABŞ-nyň telefonlar we internet arkaly maglumat toplamak işiniň üstüni açýan maglumatlary ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG