Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Öýde doguldym


Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy
Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy
Men TOKG-den

SSSR zamanynda-da, Nyýazowyň Türkmenistanyň Prezidenti döwri-de serhetýaka etraplara ýörite rugsat haty (propuska) bilen gitmelidi. Ýörite döwlet gulluklarynyň işgärleri gulluk şahadatnamasy bilenem ol etraplara gidip bilýärdi. Bir gezek Nebitdagda ýaşaýan Pyhy Tagan Türkmen-Eýran serhedinde ýerleşýän Etrek etrabyna ýolagçy awtobusynda gidýär.

Nebitdag-Etrek ýolundaky serhet postunda serhetçiler ýolagçylaryň rugsat hatlaryny barlaýar. Pyhy Tagan bilen goňşy oturan iki ýigit “Biz KGB-den” (Döwlet howpsyzlygy komiteti, häzirki Milli howpsuzlyk ministrligi) diýip, ýuwaşlyk bilen aýdýar. Serhetçiler göze iler-ilmez derejede baş atýar, olardan rugsat haty talap etmeýär. Nobat Pyhy aga ýetýär. Goňşularynyň jogabyny aýan-açyk eşiden Pyhy aga tas pyşyrdap diýen ýaly:

- Men TOKG-den -diýýär. Serhetçiler oňa-da baş atyp, rugsat hatyny soramaýarlar. Beýleki ýolagçylaryň-da rugsat hatyny barlandan soňra serhetçiler awtobusdan düşýär. Awtobus ýolyny dowam edýär. Pyhy aga bilen goňşy oturan KGB-niň işgäriniň biri:

- Ýaşuly, göwnüňe hiç zat getirme, diňe bilmek üçin soraýaryn, ýaňky TOKG diýeniň nähili edara bolýar? -diýip, ondan soraýar. Pyhy Tagan:

- TOKG sen ýaly ýaşlaryň bilmeýän edarasy. Hiç kime aýtmajagyňa söz berseň, onuň nähili edaradygyny saňa aýdaýyn -diýip, öz şertini aydýar. KGB-niň işgäri şahyryň şertine boýun bolýar. Pyhy aga:

- TOKG, “TUR-OTUR, KERSEN GETIR” diýildigi. Men işsiz, günamamy dolandyrmak üçin tapan işimde - TOKG-de işleýän -diýip, KGB-niň işgärine “gizlin maglumaty” aýan edýär.

Öýde doguldym

Ýazyjylar Şäher Borjakow bilen Goşjan Seýitmädow Mary şäherine döredijilik saparyna gidýär. Agşamara şähere gezelenje gykýarlar. Şäher Borjakow uly köçäniň ugrunda aýak çekip:

- Şu köçe Poltaraçki köçesi, men Maryda şu köçede doguldym. Sen Daşoguzda öz doglan köçäňi bilýärmiň? -diýip, Goşjana sowal berýär. Goşjan oňa:

- Şäher Nyýazowiç, men köçede däl, öýde doguldym -diýip, parahat jogap beripdir.

Maňa bir gezek guýuň

Ýaşuly şahyr Pomma Nurberdi meýlissöýer adamdy. Saçak başyna geçilende arak-şeraply çüýşä ümläp:

- Men diňe bir gezek içjek, näçe guýsaňyz, bir gezek guýuň! -diýerdi. Halypa hormat goýup, göwrümi 200 gramlyk bulgury dolduryp, oňa uzadardyk. Soňra-da şerap guýup uzadan bulgurmyzdan Pomma şahyryň ýüz öwürmesi ýokdy. Biz bilen deň içerdi. Bu mydama şeýledi. Bir gezek Annaberdi Agabaýew:

- Däd Pomma (Pomma daýy), “Bir gezek içjek” diýýäň, ýöne soňra-da biz bilen deň içişýäň! Biz-ä saňa düşünýän däldiris -diýip, degişmä salyp, sowal berdi. Göwni kir-kimirsiz halypa bu sowala öýke-kine etmedi. Ol:

- Başda iki ýüz gramy höwes edip içýän. Soňkulary siziň göwnüňize degmezlik üçin içýän -diýdi.

Toplan, taraşlan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG