Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde harby türgenleşik başlaýar


Russiýanyň harby howa güýçleri
Russiýanyň harby howa güýçleri
Russiýanyň uzak gündogar sebitinde harby türgenleşik çäreleri başlanýar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň gündogar sebitlerindäki harby hüşgärlik derejesini kesgitlemek üçin, 12-nji iýulda harby türgenleşik geçirmek boýunça garaşylmadyk görkezmäni beripdi.

Bu Russiýanyň post-sowet döwründe geçirýän ilkinji uly harby türgenleşik çäresi boljakdygy aýdylýar. Türgenleşige harby-deňiz güýçleriniň, howa hüjüminden goranyş, taktiki we strategiki bölümleriniň dagy gatnaşmagyna garaşylýar.

Umumy hasapda, türgenleşiklere 160 müň esgeriň, 1 müň tankyň, 130 harby uçaryň we 70 harby gäminiň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Burýatiýadan 100-den gowrak tankyň 1,100 km. aralygy geçip, türgenleşigiň geçirilýän ýeri Çita oblastyna gelendigi habar berilýär.

Ýekşenbe güni tank komandiri Dmitriý Manýukin “Rossiýa 24” telekanalyna beren interwýusynda, anyk haýsy çäreleri berjaý etmelidikleri barada entek takyk görkezmäniň berilmändigini aýtdy.

Manýukin: “Munuň aýratynlygy hem şu, ýagny biziň bu ýerä gelenimize, eýýäm, bir gün çemesi wagt bolsa-da, bize nirä gitmelidigimiz we haýsy amallary etmelidigimiz barada görkezme berilmedi” diýdi.

Türgenleşiklere radiasiýa, himiki we biologiki hüjümlerinden goranyş bölümleri hem gatnaşýar.

Putin türgenleşiklere özüniň hem gatnaşmagynyň mümkindigini aýtdy.

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu ýekşenbe güni çykyş edip, türgenleşige gatnaşýan ähli düzümleriň “ýokary söweş hüşgärligine geçendigini” habar berdi.

Türgenleşiklere gatnaşmak üçin rezerwdaky goşunyň düzüminden hem müňe golaý adam çagyryldy.
XS
SM
MD
LG