Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Bişkegi goldajakdygyny aýtdy


Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi, gyrgyz infrastruktura proýektleri üçin Pekiniň Gyrgyzystany “goldawlaryň ähli görnüşi” bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Wang Ýi bu barada Bişkekde Gyrgyzystanyň daşary işler minstri Erlan Abdyldaýew bilen žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Wang Hytaýyň gyrgyz proýektleri üçin berýän pulunyň “goşmaça şertsizdigini” we “deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny” nygtady.

Häzirki wagtda Hytaýyň maýadarlary Kemin-Datka elektrik liniýasynyň gurluşygyny amala aşyryp, Bişkek-Torugart ýoluny gaýtadan bejerýärler.

Şeýle-de Pekiniň Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň we Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Sarijaz derýasyndaky gidroelektrikstansiýasynyň gurluşygyna gatnaşyp-gatnaşmajagy baradaky gepleşikler dowam edýär.

Ministrler Wang bilen Abdyldaýew Hytaý prezidenti Ksi Jinpingiň güýzde Bişkege etjek sapary barada hem gepleşikler geçirdiler.
XS
SM
MD
LG