Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny günäli tapyldy


Orsýetiň Kirow şäheriniň sudy oppozision we korrupsiýa garşy blogger Alekseý Nawalnyýny bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Sudýa Sergeý Blinow Nawalnyýnyň we Pýotr Ofiserowyň ogurlykda günäli tapylandygyny mälim etdi.

Olar 2009-njy ýylda 500 müň amerikan dollarlyk agaç öňümlerini ogurlamakda we olary satmakda günäli tapyldylar. Bu sud işinde Ofiserow dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Häzirki wagtda Nawalny türmä äkidildi. Onuň aklawçysy Sergeý Kobelew, gelinen karary öz müşderisiniň şikaýat etjekdigini aýtdy.

Bu karar, çarşenbe güni Nawalnynyň öňümizdäki saýlawlarda Moskwanyň häkimi wezipesine dalaşgärlige kabul edilmeginiň yz ýany çykaryldy.

Nawalny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýiti tankytçylarynyň biridir we ol özüne garşy gozgalan sud işiniň ony dymdyrmak we syýasy işlerini ýykmak üçin edilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG