Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan resmisi Owganystanda gepleşik geçirmekçi


Pakistanyň premýer-ministriniň daşary gatnaşyklar boýunça geňeşçisi Sartaj Aziz şenbe güni Kabula baryp Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Aziziň “Associated Press” agentligine aýtmagyna görä, Yslamabadyň owgan talyplaryna belli bir täsiri bar, emma ol talyplara gözegçilik etmeýär.

Kabul Yslamabada ýüz tutup, onuň Pakistanyň giňişliginde gizlenýän owgan talyplaryna basyş etmegini sorapdy.

Pakistan resmisiniň häzirki saparynyň Pakistanyň we Owganystanyň liderleriniň duşuşyklary üçin hem esas döretmegine garaşylýar.

Bu sapar şu ýylyň maý aýynda Pakistanda bolan parlament saýlawlarynda soň iki ýurduň arasynda ilkinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
XS
SM
MD
LG