Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arhiýepiskop Tutu Mandelanyň ýanyna bardy


Arhiýepiskop Desmind Tutu Nelson Mandelanyň ýanyna baryp gaýtdy. Ol anna güni keselhana baranda 95 ýaşly Mandelanyň “rahat” görünendigini aýtdy. Anglikan ruhanysynyň sözlerine görä, Nelson Mandela şonda ukudady.

Mandela öýkeninde infeksiýanyň ýaýramagy sebäpli 8-nji iýunda keselhana düşüpdi, şondan bäri onuň agyr, emma durnukly ýagdaýdadygy aýdylýar.

18-nji iýulda Afrikanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň müňlerçe ýaşaýjylary jemgyýetçilik proýektleriň üstünde işlemek bilen Nelson Mandelanyň doglan gününi bellediler.
XS
SM
MD
LG