Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür konstitusiýany üýtgetmek işine başlady


“Musulman doganlar” we harbylar zorlukdan saklanmak barada ylalaşdylar, Müsür, 20-nji iýul, 2013.
“Musulman doganlar” we harbylar zorlukdan saklanmak barada ylalaşdylar, Müsür, 20-nji iýul, 2013.
Müsürde hukukçylardan we konstitusiýa boýunça bilermenlerden düzülen jemi on adamlyk komitetiň ýekşenbe güni duşuşyp ýurduň baş kanunyna üýtgetmeleri girizmek boýunça işe başlamagyna garaşylýar.

Ýurduň konstitusiýasy 3-nji maýda prezident Muhammad Morsiniň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň ýatyrylypdy.

Ýurduň wagtlaýyn prezidenti Adli Mansur tarapyndan düzülen komitete uniwersitetleriň dört professory we alty sany sudýa girýär.

Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmek boýunça işiň 30 günüň dowamynda amala aşyryljagy we 50 adamdan ybarat toparyň garamagyna tabşyryljagy aýdylýar. Bu komissiýa müsür jemgyýetiniň dürli toparlarynyň girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Konstitusiýanyň makullanan görnüşi milli referendumda tassyklanmaly.

Jedelli konstitusiýa

Konstitusiýanyň gapma-garşylyk döreden öňki görnüşi 2012-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen referendum arkaly tassyklanypdy. Şonda ses berijileriň 64 %-tiniň ony goldap çykyş edendikleri barada habar berilipdi. Emma şonda ses berişlige ilatyň gatnaşyk derejesiniň diňe 33 % bolmagy, tankytçylaryň konstitusiýanyň kanuna laýyklygyny sorag astyna goýmagyna sebäp bolupdy.

Reformaçylar we liberal aktiwistler konstitusiýanyň taslamasyny ýazgaryp çykyş edipdi. Olar Morsini goldaýan “Musulman doganlaryň” konstitusiýanyň üstündäki işe gözegçilik edip, baş kanuna beýleki toparlaryň pikirlerini goşmandygyny aýdypdylar.

Ýurduň howpsuzlygy

Ýurduň içeri işler ministri Hazem el-Beblawi şenbe güni eden çykyşynda gapma-garşylyklaryň jemgyýeti bölýändigini aýdyp, zorlugy togtatmaga çagyrdy.

Ol syýasy, howpsuzlyk we ykdysady problemalary başdan geçirýän ýurduň “uruşa” ýakyn bir ýagdaýa ýetendigini belledi.

Hazem el-Beblawi howpsuzlygyň dikeldilmeginiň ykdysadyýetiň aýaga galmagy üçin hem zerurdygyny nygtady.

2011-nji ýylda prezident Hosni Mubaragyň häkimiýet başyndan agdarylmagyndan soň ýurduň ykdysadyýeti çürt-kesik pese gaçypdy. Ýurtdaky durnuksyzlyk syýahatçylyk pudagyna uly zarba urup, daşary ýurtly maýa goýumlaryň azalmagyna getiripdi.

Soňky hepdelerde howpsuzlyk güýçleriniň we Morsiniň tarapdarlarynyň arasynda bolup geçýän çaknyşyklarda onlarça adam heläk boldy we ýaralandy.

“Musulman doganlar” hereketi ýurduň wagtlaýyn hökümeti bilen gepleşik alyp barmakdan we hökümetiň işine gatnaşmakdan ýüz öwürýär. Ol Muhammad Morsiniň prezident wezipesinde dikeldilmegini talap edýär.

Iordaniýanyň patyşasy Abdylla Müsüriň wagtlaýyn hökümetine goldaw bildirip, şenbe güni Kaire öňünden yglan edilmedik saparyny geçirdi. Bu sapar Morsi häkimiýet başyndan çetleşdirileli bäri arap lideriniň Müsüre edýän ilkinji saparydyr.
XS
SM
MD
LG