Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi: "ABŞ ygtybarly däl"


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi Birleşen Ştatlaryň “ygtybarly däldigini” aýdyp, Eýranyň täze administrasiýasyna Waşington bilen gatnaşyklarynda seresaply bolmagyny ündedi.

Ýekşenbe güni Hameneýiň Eýranyň resmileri bilen geçiren duşuşygynda, ol ABŞ bilen gepleşiklere garşy däldigini, ýöne Waşingtonyň häzirki durşunyň olaryň gelejekdäki özara gatnaşyklaryna oňaýly täsir ýetirjekdigine ynamly garamaýandygyny hem nygtady.

Şeýle-de, Hameneýi Eýran öz garşydaşynyň maksadyny aýdyňlaşdyrmaly, ýogsa-da Tähran kösener diýdi.

Baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýiň bu çykyşy, iýun aýynda prezidentlige saýlanan Hassan Rohani prezidentlige kasam etmezden iki hepde öň boldy.

Eýranyň ýadro programmasy baradaky meseleler sebäpli Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyk dowam edýär. Eýran bolsa bu aýyplamalary ret edip gelýär.
XS
SM
MD
LG