Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Hindistana sapar edýär


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýdeniň Hindistana dört günlük sapary başlady. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Baýden soňky 30 ýylyň dowamynda Hindistana sapar edýän ABŞ-nyň ilkinji wise-prezidentidir.

Joe Baýden Mumbaýdaky maliýe merkezine barmazdan ozal, Nýu-Delide Hindistanyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda ýurduň premýer-ministri Manmohan Sing bilen duşuşar.

Saparyň dowamynda, Baýdeniň we hindi resmileriniň Hindistanda iş alyp barýan amerikan kompaniýalarynyň çäklendirmeleri we söwda bökdençlikleri barada gepleşikleri geçirmeklerine garaşylýar.

Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň şu ýyl 100 milliard amerikan dollaryna golaý bolmagyna garaşylýar.

Nýu-Deli Owganystana 2 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe kömegini beripdi. Hindistan öňümizdäki ýyl halkara güýçleriniň Owganystandan çykmagy bilen “Talyban” hereketiniň gaýtadan dikelmeginden aladalanýar.
XS
SM
MD
LG