Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýaly Frum tigir ýaryşynda ýeňiji boldy


Kris Frum (Sagda, sary köýnekli), 21-nji iýul, 2013 ý.
Kris Frum (Sagda, sary köýnekli), 21-nji iýul, 2013 ý.
Britaniýaly Kris Frum “Tour de France” ýaryşynyň 100-nji bäsleşiginde ýeňiji boldy.

28 ýaşly Frum ýekşenbe güni Parižde, agşam 21 sagat 30 minut töwereklerinde Wersaldan başlanan 133 kilometrilik ýoluň soňunda öňe saýlandy.

“Sky” toparyndan bolan Frum ilkinji ýeňşini kolombiýaly Neýro Kuýntanodan 4 minut 20 sekund öňe saýlanmak bilen gazanypdy.

Bu dünýäniň iň meşhur tigir ýaryşynda britaniýaly sportsmenleriň gazanan tapgyr ikinji ýeňşidir. Geçen ýyl Frumyň "Sky" komandasyndaky ýoldaşy Bradliý Wiggins bu ýaryşyň ýeňijisi bolupdy.

Keniýada doglan Frum 2012-nji ýylda ikinji bolupdy. Wiggins bu ýyl saglyk ýagdaýy sebäpli ýaryşa gatnaşmady.

Bu şu derejede tigir ýaryşynda kuwwat beriji dermanlaryň ulanylmagy we meşhur amerikan sportsmeniniň ýaryşdan çetleşdirilmegi bilen bagly turan galmagaldan soň geçirilýän ilkinji bäsleşikdir. Mälim bolşy ýaly, Lans Armstroň geçen ýyl kuwwat beriji dermanlary ulanandygy üçin bäsleşigiň ýedi ýyllyk şöhratly ýeňşinden el ýuwmaly bolupdy.

Frum we onuň komandasy özleriniň beýle zatlary ulanandyklaryny ret etdiler we bu meselede olary ýazgarar ýaly suwytly bir delil tapylmady.
Kristofer Frum (S), 21-nji iýul, 2013 ý.
Kristofer Frum (S), 21-nji iýul, 2013 ý.

Frumyň ýeňşi Pariže ýaryşa tomaşa etmäge baran köp sanly britan janköeri tarapyndan uly şowhun bilen garşy alyndy.

Şol janköreleriň biri Ben Marşal şeýle diýdi:

"Adamlar tigir sürýänleriň bir toparynyň arassa däldigini, ýagny kuwwatlandyryjy derman ulanýandygyny bilýär, emma ol, Frum hemişe ýadawsyz işledi we ol bu ýeten derejesine mynasyp."

Özüni Sandro diýip tanadan başga bir britaniýaly bolsa şeýle diýdi:

"Bu uly bir waka. Men oňa öýde telewizorda seretmegi gowy görerdim we bu gezek gelip, göni tomaşa etdim. Bu durşuna bir gözellik, men ondan şeýle lezzet aldym..."

Frum ýekşenbe günündäki soňky, 21-nji tapgyr ýeňşe, öz soňky pellehanasyna çenli aralykda üç tapgyr ýeňiş gazandy. Emma ol şol soňky pellede germaniýaly Marsel Kittelden üstün çykmagy başardy.

Frum 4 minut 20 sekund aratapawut bilen, 1997-nji ýyldan bäri iň uly tapawut bilen ýeňiş gazandy.

1997-nji ýylda Ýan Ulrik Riçard Wrenkýuden üstün çykypdy, bu sportsmenleriň ikisi hem soň kuwwatlandyryjy dermanlary ulanandyklaryny boýun alypdylar.
XS
SM
MD
LG