Liwanyň “Hizbullah” şaýy topary Ýewropa Bileleşiginiň bu toparyň harby ganatyny terrorist hökmünde häsiýetlendirip, gara sanawa goşmagyny ýazgardy. “Hizbullah” bu çäräni “gazaply we adalatsyz” diýip, atlandyrdy.
“Hizbullah” topary beýanat ýaýradyp, onda ÝB-niň gelen bu kararyny inkär edýär. Topar bu netijä ABŞ-nyň we Ysraýylyň basyşy esasynda gelnendigini öňe sürýär.
Waşington ÝB-niň bu hereketini goldap, çykyş etdi. Mundan öň, ABŞ we Günbataryň başga-da ençeme döwleti “Hizbulla” toparyny terroristik bir gurama hökmünde ykrar edipdi.
Eýran bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýan “Hizbullah” topary, geçen ýyl Bolgariýada ysraýylly turistlere garşy amala aşyrylan bomba hüjümi bilen ilteşdirildi. Şeýle-de bu topar Siriýadaky konflikte goşulyp, hökümetiň tarapynda uruşýar.

Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok