Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Owganystan ylalaşygy maslahat edildi


Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli generaly çykyş edip, şu ýylyň oktýabryna çenli ABŞ-Owganystan ikitaraplaýyn Howpsuzlyk ylalaşygynyň baglaşyljakdygyna umyt edýändigini aýtdy. Bu ylalaşykda 2014-nji ýyldan soň Owganystanda galmaly Halkara güýçleriniň şertleri kesgitlenilmeli.

ABŞ-nyň Bilelikdäki Serkerdeler Ştabynyň baştutany general Martin Dempseý eger-de gürrüňi gidýän ylalaşyga gelmek başartmasa, onda Owganystandan ähli amerikan esgerleriniň çykarylmagynyň mümkindigini hem sözüne goşdy.

Dempseý bu barada duşenbe güni, Kabula edýän saparynyň çäklerinde çykyş etdi. Şeýle-de amerikaly general owgan resmileri, şol sanda prezident Hamid Karzaý bilen hem duşuşyk geçirdi.

Karzaý duşenbe güni beýanat ýaýradyp, onda owganlylaryň Waşington bilen Howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG