Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soňa goýulýan dynç alyş


Deňziň boýunda ýatan gyzlar
Deňziň boýunda ýatan gyzlar
Türkmenistanda adamlaryň dynç alyş medeniýetiniň öňki ýyllara garanda özgerýändigi, tomusky zähmet rugsatlaryny deňiz boýunda, maşgalasy bilen geçirmäge çalyşýan raýatlaryň barha köpelýändigi aýdylýar.

Elbetde, bu özgerişlik bir tarapdan ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň döwlet derejesinde wagyz edilmegi, “Awazada” we beýleki ýerlerde döredilen dynç alyş şertleri bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, soňky ýigrimi ýylda raýatlaryň durmuş-düşünjesinde bolan üýtgeşiklikler bilen bagly hasaplanýar.

SSSR döwründe Türkmenistanda köplenç ýolbaşçy işgärler, intelligensiýa wekilleri, ýa-da bolmasa, döwlet öňünde bitiren hyzmatlary üçin sylaglanan zähmet, uruş weteranlary dynç almaga giderdi.

Mundan başga, ýurt içindäki şypahanalara, tebigy bejeriş ýerlerine gidip, derdine em agtarýanlar hem bolardy. Ýöne umuman ýurtda dynç alyş medeniýetiniň, dürli sebäplere görä, beýle giň ýaýramandygy, maşgala bolup dynç almagyň, syýahat etmegiň bolsa indi-indi kada öwrülýändigi aýdylýar.

Emma türkmen halkynyň dynç alyş medeniýetiniň örän haýal ösýändigini, türkmenlerde dynç almagy, saglyga seretdirmegi soňa goýmak endiginiň milli gylyk-häsiýet ýaly bir zada öwrülendigini aýdýarlar hem bar.

Bu ýaramaz endigiň ykdysady ýagdaý, adamlaryň ýetde-gütde durmuşy bilen baglydygyny aýdýanlar hem bar. Ýöne bu ýagdaýy milli mentalitet, pikir-düşünje, köp çagalylyk, adamlaryň öz ömrüne biagyrlygy bilen düşündirýän synçylar hem bar.

Türkmeniň klassyk şahyry Magtymguly Pyragy “Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun” diýipdir. Galyberse, ylmy barlaglar adamyň iş, durmuş-ýaşaýyş ukybynyň dynç alşa köp derejede baglydygyny tassyklaýar.

Şundan ugur alyp, türkmen halkynda dynç alyş medeniýetiniň has giňemegi, çuňlaşmagy üçin nähili işleriň edilmegi gerek?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Eger bu mesele baradaky pikirleriňizi, bellikleriňizi iberseňiz, hoşal bolardyk. Belki, söhbete gatnaşyp, aýtjak zatlaryňyz bardyr? Ýazyň, telefon ediň!
XS
SM
MD
LG