Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Prezidentlik saýlawlary ir geçiriler


Pakistanyň Ýokary sudy prezidentlik saýlawlaryny planlaşdyrylanyndan bir hepde ir geçirmek barada höküm çykardy.

Saýlaw komissiýasy saýlawlary 6-njy awgustda geçirmegi göz öňünde tutýardy. Emma, suduň çarşenbe güni çykaran kararyndan soň, saýlawlar 30-njy iýulda geçiriler.

Mundan bir gün öň, hökümetiň başyndaky Pakistanyň Musulman ligasy-Nawaz partiýasy, saýlawlaryň Remezan aýynyň soňuna gabat gelýändigini nygtap, ses berilişigi ir geçirmek barada haýyş edipdi.

Ýurduň kanunçylygyna görä, prezidenti welaýat we milli parlamentler saýlaýar.

Häkimiýet başyndaky Asif Ali Zardari ikinji möhlete prezidentlige dalaş etmejekdigini mälim etdi.

Prezidentlik saýlawlarynda Pakistanyň Musulman ligasy-Nawaz partiýasynyň dalaşgäri Mamnoun Hussainyň ýeňmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG