Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Pussy Riot”: Alýohinanyň arzasy ret edildi


Orsýetde Perm şäheriniň sudy “Pussy Riot” pank toparynyň tussaglykdaky agzasy Mariýa Alýohinanyň möhletinden ir boşatmak baradaky arzasyny ýatyrdy.

Alýohina bu baradaky haýyşy çarşenbe güni etdi.

Maglumatlarda suduň näme sebäpden Alýohinanyň haýyşyny ret edendigi barada düşündiriş berilmeýär.

Alýohina, şeýle-de “Pussy Riot” toparynyň beýleki iki wekili, Moskwanyň ybadathanalarynyň birinde Putine garşy ýerine ýetiren kinaýaly aýdymyndan soň, 2012-nji ýylyň fewralynda türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Alýohina tussaglykdan ir boşadylmagyny sorap, maý aýynda hem haýyş bilen ýüz tutupdy.

Tussaglykdaky “Pussy Riot” toparynyň bir agzasy Ýekaterina Samusewiç azatlyga goýberilip, synag astyna alyndy.

Toparyň beýleki agzasy Nadežda Tolokonnikowa häzir hem türmede saklanylýar.

Alýohina we Tolokonnikowa çykarylan iki ýyl türme tussaglygy baradaky höküm, Günbatar hökümetleri we adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan ýazgarylypdy.
XS
SM
MD
LG