Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistlere jaý berilýär


Azerbaýjanyň žurnalistleri üçin gurulan jaý, Baku, 22-nji iýul, 2013.
Azerbaýjanyň žurnalistleri üçin gurulan jaý, Baku, 22-nji iýul, 2013.
Metbugat azatlygynyň derejesi iň pes diýlip hasaplanýan ýurtlaryň hatarynda agzalýan Azerbaýjan 150 gowrak žurnalisti jaý bilen sylaglady. Bu jaýlaryň ählisiniň Bakuwda ýerleşýändigi aýdylýar.

Žurnalistlere basyş etmekde we metbugat azatlygyny çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýän Azerbaýjan žurnalistleri goldaýandygyny görkezmek boýunça ädim ätdi we 155 žurnaliste jaý berdi.

22-nji iýunda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew Bakuwda gurlan binany dabaraly ýagdaýda açdy. Milli metbugat gününe gabatlanyp geçirilen bu çäre ýazyjylaryň we beýleki medeniýet wekilleriniň sylaglanmagyna degişli sowet tejribelerini ýada saldy.

Ylham Aliýew öz çykyşynda ýurtda metbugat azatlygynyň derejesini öwdi. Şol bir wagtda-da žurnalistleriň hak-hukuklaryny goraýan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy dünýäniň 179 ýurdunda metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça taýýarlan hasabatynda Azerbaýjany 156-njy orunda ýerleşdirdi.

"Žurnalistleriň dosty"

Bakuwyň Bibiheýbat diýen ýerinde ýerleşýän binanyň açylyş dabarasynda Aliýew “žurnalistleriň dosty bolmak uly buýsançdyr” diýdi. Aliýew öz çykyşynda žurnalistleri jaý bilen üpjün etmek boýunça proýektiň ýurtda hiç bir ugurdan diskriminasiýanyň ýokdugyny görkezýändigini belledi.

“Internet žurnalizmi, bütin dünýäde bolşy ýaly, Azerbaýjanda-da ösýär. Döwlet interneti ösdürmek boýunça programmalary alyp barýar. Şeýlelikde biz söz azatlygyna doly kepil geçilýändigini aýdyp biljek” diýip, Ylham Aliýew aýtdy.

Şol bir wagtda-da, garaşsyz žurnalistleriň köpüsi Aliýewi dost diýip hasap etmek islemeýär. Şu ýylyň başynda ”Žurnalistleri goramak boýunça komitet” Azerbaýjany žurnalistlere edilýän basyşlary bes etmäge çagyrdy.

Bu gurama öz maglumatynda tussagalykda saklanýan žurnalistlere, şol sanda garaşsyz gazetiň baş redaktory Hilal Mamedowa syýasy sebäpler bilen baglylykda iş kesilendigini belleýär.

Geçen aýda Azerbaýjanyň prezidenti internetde töhmetçilikli maglumatlar üçin jenaýat işiniň gozgalmagyny göz öňünde tutýan kanuna gol çekdi. Onuň bu karary metbugat azatlygyny goraýjy toparlar tarapyndan ýazgaryldy. Bu kanunyň şu ýylyň oktýabr aýynda boljak prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda internetde erkin pikirleri çäklendirmek we garaşyz žurnalistlere basyş etmek üçin ulanylyp bilinmegi bilen bagly howatyrlanmalar bildirilýär.

Žurnalistleriň garaşsyzlygy

Žurnalistleri jaý bilen üpjün eden döwlet gözegçiligindäki Köpçülikleýin medianyň ösüş fondundan Wugar Safarli “jaý berlenleriň arasynda garaşsyz žurnalistleriň hem bardygyny” aýtdy.

Azerbaýjanda garaşsyz žurnalistler köplenç hüjüme sezewar edilýärkä, häkimiýetleriň olary jaý bilen sylaglamagy köp soraglary döretdi. Käbirleri hökümetiň olary satyn almak isleýändikleri baradaky çaklamalary orta atdylar.

Bakuwyň Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň professory Qulu Maharramli garaşsyz žurnalistikanyň hökümetden erkin bolmalydygyny bellemek bilen, hökümetden jaý alan žurnalistleriň tankyt etmäge ukyply bolup biljegine şübheli garaýandygyny aýtdy.

Oppozision ‘Ýeni Mussawat” gazetinden Roýa Rafiýewanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hökümetiň Metbugat boýunça geňeşi gazetleriň redaktorlaryndan jaýa mätäç işgärleriň sanawyny düzmegi sorapdyr. Onuň sözlerinden çen tutsaň, onda jaý almak üçin esasy şertleriň biri iş ýeriňde azyndan 10 ýyla golaý wagtlap işlemekden ybarat.
XS
SM
MD
LG