Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda ýewreý ruhana hüjüm edildi


Orsýetiň günortasyndaky Dagystan respublikasynda nämälim hüjümçi ýewreý ruhanysyna ot açdy. Häzirki wagtda onuň saglyk ýagdaýy ýaramaz.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 40 ýaşly Artur Isakowa penşenbe güni Darbent şäherindäki öýüniň öňünde ulagyndan düşen mahaly hüjüm edilipdir.

Maglumatlara görä, şol hüjümde ýewreý ruhanynyň döşüne ok degipdir. Şondan soň, hüjümçiniň gaçandygy habar berilýär. Häzirki wagt, Dagystanyň hukuk goraýjy organlary onuň gözleginde.

Dagystanyň derňew komitetiniň websahypasynda berlen maglumata görä, sülçiler ýewreý ruhana onuň din ugrunda alyp baran işleri üçin hüjüm edilen bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Dagystanda söweşijiler her gün diýen ýaly polisiýa, aram musulmanlara we ýerli resmilere hüjüm edip, özleriniň Orsýetiň günortasynda Yslam halyflygyny döretmek üçin söweşýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG